Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwleti öňdebaryjy daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýygy aragatnaşygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýär

06:4807.04.2015
0
2935

Şu ýer­de, “Bag­ty­ýar­lyk” top­lu­my­nyň bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa-Ýu­waş um­many te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň baş sek­re­ta­ry je­nap Ja­wad Mot­ta­gi­ni ka­bul et­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga döre­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de özüniň we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Je­nap Mot­ta­gi­niň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da, şol san­da “Azia­da — 2017 we Türk­me­nis­ta­nyň ösüşiň hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne sport­da tut­ýan or­ny” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta we onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra sport me­dia-fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin onuň häzir­ki sa­pa­ryn­da dep­gin­li ös­ýän Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­le­ri we ga­za­nan­la­ry, bütin dün­ýäde yk­rar edil­ýän türk­men Li­de­ri­niň öz­gert­me­ler işi­niň täsin gal­dyr­ýan ne­ti­je­le­ri­ni gözi bi­len görüp, ta­nyş­ma­ga örän oňat müm­kin­çi­lik döre­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na möhüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ös­düril­me­gi­niň mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň dün­ýäniň ha­bar­lar gi­ňiş­li­gi­ne has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň möhüm wa­ka­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn şöh­le­len­dir­mäge ýar­dam ber­mäge gönük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Şu mak­sat bi­len, ýur­du­myz­da mass-me­dia­ny ös­dür­mek, täze çap we elekt­ron ne­şir­le­ri­ döret­mek, häzir­ki za­man mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, In­ter­net ul­ga­my­na el­ýe­ter­li­li­gi gi­ňelt­mek bo­ýun­ça mak­sa­da­la­ýyk iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we myh­man mag­lu­mat ba­bat­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Azi­ýa-Ýu­waş um­many te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň ha­bar­lar gul­lu­gy­na ag­za­ly­ga gir­me­gi ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Azi­ýa-Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni-gu­ma­ni­tar dur­mu­şy ba­ra­da­ky des­sin ha­bar­la­ry, syn be­riş ma­te­rial­la­ryny yzy­gi­der­li alyş­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy.

2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we söweş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak söh­bet­deş­li­giň aý­ra­tyn me­se­le­si bol­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Azia­da — 2017 Okea­ni­ýa ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy we mak­sat­na­ma spor­tuň täze gör­nüş­le­ri­niň go­şul­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu ýa­ryş­la­ryň ta­ry­hyn­da iň ulu­sy bo­lar. Azi­ýa-Ýu­waş um­many te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň ag­za kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 100-den gow­ra­gy türk­men paý­tag­tyn­dan täze­lik­le­ri we re­por­taž­la­ry 60-dan gow­rak ýurt­da mil­liard­lar­ça to­ma­şa­çy­la­ra te­le we ra­dio ýaý­lym­lar ar­ka­ly ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Eý­ýäm­den V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň, ha­ky­kat­dan-da, ta­ry­hy wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ni aýtmak bilen, munuň özi Türk­me­nis­ta­ny yk­ly­myň, Azi­ýa Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň kar­ta­syn­da aý­dyň ýüze çy­ka­rar di­ýip, je­nap Ja­wad Mot­ta­gi aýt­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň