Aşgabatda “Bagtyýarlyk” sport toplumy ulanylmaga berildi

06:3807.04.2015
0
9146

6-njy aprelde Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Bag­ty­ýar­lyk” sport top­lu­my­ny açdy. 

Meý­da­ny 38 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan täze, köpu­gur­ly sport des­ga­sy Aza­dy we Hy­dyr Der­ýa­ýew köçe­le­ri­niň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň häkim­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça gur­lu­şyk iş­le­ri­ni “Be­lent jaý” hu­su­sy kär­ha­na­sy ama­la aşyr­dy.

Top­lu­myň düzümin­de ýüzül­ýän ho­wuz­la­ry, şol san­da ça­ga­lar üçin ho­wuz­la­ry hem-de iki sa­ny ak­wa­par­ky bo­lan top­lum, fut­bol meý­dan­ça­sy, ten­nis meý­dan­ça­sy, gim­nas­ti­ka we boks zal­la­ry, bil­ýard,wo­leý­bol, bas­ket­bol we gand­bol oýun­la­ry üçin zal, iki sa­ny tür­gen­le­şik za­ly, to­par­la­ryň pök­güli oýun­la­ry üçin üs­ti açyk sport meý­dan­ça­sy gir­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, bu ýer­de her kim öz is­le­gi­ne görä meş­gul­la­nyp bi­ler. Top­lu­myň düzümin­de amat­ly ka­fe­ler hem bar. Olar­da yh­las­ly tür­gen­le­şik­ler­den soň, ta­gam­ly önüm­ler bi­len gar­ba­nyp bo­lar.

Mer­ke­ziň bi­na­syn­da şeý­le hem suw­ly be­lent­lik­ler we haý­wan­jyk­la­ryň şe­kil­le­ri bi­len owa­dan be­ze­len ça­ga­lar bölümi bar. Bu ýer­de kör­pe­le­riň suw­da is­le­di­gi­çe ýüzüp bil­mek­le­ri üçin hem­me şert­ler döre­di­lip­dir. Şa­dy­ýan güý­men­je­le­riň bar­şyn­da boş wag­ty sag­dyn he­re­ket­ler üçin iş­jeň we peý­da­ly sarp et­mäge en­dik edip bo­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň