Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksporty ösdürilýär

22:0406.04.2015
0
4719

Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişini şu ýyl 21,9 milliard kilowat-sagada, eksportyny bolsa 2,89 milliard kilowat-sagada ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň energoüpjünçiligini gowulandyrmak we elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Şu maksat bilen, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynyň Watan we Zergär gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna girişmek hem-de Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda 504,4 megawat kuwwatlykdaky elektrik stansiýasynyň gurluşygyny tamamlamak bellenildi.

Elektroenergetika Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen elektroenergiýasyny Owganystan, Eýran we Türkiýe satyn alýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň