Türkmenistana getirilýän daşary ýurt önümleriniň möçberleri azaldylar we döwletiň eksport mümkinçiligi artdyrylar

0
584
3
0

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P. Taganow, A. Goçyýew we B. Ereşow özleriniň gözegçilik edýän ulgamlarynda 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işiniň pes netijelerine ünsi çekdi. Milletiň Lideri Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň milli haryt dolanyşygyny öwrenýän institutyň işinde bar bolan kemçilikleri barada belläp geçdi. Prezident içeri we daşary bazary öwrenmegiň, şeýle hem harytlaryň bar bolan bahalaryny seljermegiň institutyň esasy wezipesi bolup durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler A. Goçyýewi, B. Ereşowy, P. Taganowy daşary ýurt harytlarynyň ýurda getirilýän möçberlerini azaltmaga, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen talap edilýän işleri ýerine ýetirmäge borçly etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany şu ugurdaky işlere düýpli seljerme geçirip, ýagdaýy düzetmegiň çärelerini görmegi tabşyrdy.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru