Türkmenistan tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşyny artdyrýar

08:5806.04.2015
0
4824

Türkmenistanda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 2015-nji ýylyň ýanwar—mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bäş göterim ýokarlandy — diýip, “Neft Rossi” habar berýär.

Ýangyjyň bu görnüşiniň daşary ýurtlara eksportynyň möçberi 6,5 göterim artdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazy Hytaýa, Eýrana we Russiýa eksport etmäge bolan mümkinçiligi uludyr. Türkmenistandan gaz geçirijileri çekmek boýunça taýýarlanylan taslamalaryň arasynda: Hazaryň üstünden Azerbaýjana, bu ýurduň çäginden Ýewropa uzalmaly Transhazar, hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan Transowgan gaz geçirijileri bar.

Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orny eýeleýändigi bellidir. Iri gaz ýataklary ýurduň gündogarynda, Mary welaýatyndaky “Galkynyş” käniniň töwereklerinde ýerleşendir we ýerli geologlaryň we britan GCA-nyň çaklamalaryna görä takmynan 26,2 trillion kubmetr gaz gorlaryna eýedir.

Ýurduň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli gazyň çykarylyşy 230 milliard kubmetre ýetirmek bellenilýär, olaryň agramly bölegi eksport ediler.

2014-nji ýylda ýurtda tebigy gazyň çykarylyşy 76 milliard kubmetrden, eksporty bolsa 45 milliard kubmetrden gowrak boldy — diýip, “Neft Rossi” belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň