Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

00:5406.04.2015
0
2194

2015-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri E. Abdyldaýew GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Bişkek şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow bilen duşuşdy.

Daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň derejesinde geçirilen gyrgyz-türkmen maslahatlaşmalarynyň barşynda Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada düýpli pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylda amala aşyrylmagyna garaşylýan jogap resmi saparyna taýýarlyk görlüşiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň