Türkmenistanyň daşary işler ministri GDA döwletleriniň DIM-leriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

0
445
0
0

2015-nji ýylyş 3-nji aprelinde Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda GDA döwletleriniň halkara arenasynda ylalaşykly gatnaşyklaryň saklanylmagyna degişli giň meseleler toplumyna garaldy. Mejlisiň barşynda aýdylan bellikler hem teklipler girizilensoň, resminamalaryň taslamalary GDA döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşleriniň garamagyna hödürleniler.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S. W. Lawrow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Gumanitar-medeni ulgamlardaky, hyzmatdaşlygyň şeýle hem Hazar boýunça gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem GDA döwletleriniň daşary işler ministrlerini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew kabul etdi.

Mejlisde GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2015-nji ýylyň güýzünde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirmek kararyna gelindi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru