Türkmenistanyň Prezidenti täze bilim ministrini belledi

0
3327
21
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B. Atdaýew Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümlerinde geçirilen barlag işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, şol ministrligiň garamagyndaky edaralarda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, ýokary bilimli ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine laýyk derejede guralmagy ugrunda degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň netijeli işlemekleriniň, öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmeleriniň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bilim ministri Gülşat Sahyýewna Mämmedowany eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti raýatlary işe ýerleşdirmek, ýaş hünärmenleri degişli düzümlere işe ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçip, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B. Şamyradowa ýurtda hünärmenleri işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milletiň Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Pürli Nurmämmedowiç Agamyradowy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellemek baradaky resminamalara gol çekdi. Şu ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň wezipesine Sülgün Jumageldiýewna Ataýewa bellenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru