Türkmenistanyň DIM-nde HGHK-niň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi

0
393
0
0

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliýetiniň baştutany jenap Žak-Lýuk Wiletta bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-niň arasynda 2015-nji ýyl üçin tassyklanan Meýilnama esasynda Türkmenistan bilen HGHK-niň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl haç Komitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ylalaşyga degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Alnyp barylýan özara işiň netijeliligini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanyň gumanitar ulgamda gazanan uly üstünliklerini bellediler. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ähmiýeti barada aýdyp, guramanyň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru