Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny “Suw damjasy — altyn dänesi” baýramy bilen gutlady

00:4205.04.2015
0
3641

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalyk işgärlerini, oba zähmetkeşlerini we ähli watandaşlarymyzy “Suw damjasy — altyn dänesi” baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanynyň baýramçylyk Gutlagynda şeýle diýilýär:

“Asyr­lar­bo­ýy ýa­şaý­şyň we bol­çu­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan mu­kad­des suw te­bi­ga­ta jan ber­ýär, giň ýaý­la­la­ry­my­zy, säh­ra­la­ry­my­zy gül­zar­ly­ga hem-de be­re­ket me­ka­ny­na öwür­ýär. Şo­nuň üçin hem, su­wuň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, sar­pa­sy­ny be­lent tu­tup ge­len ata-ba­ba­la­ry­myz onuň her dam­ja­sy­ny al­tyn däne­si­ne de­ňäp­dir.

Ga­dy­my­ýet­den bäri eke­ran­çy­ly­gyň kämil nus­ga­la­ry­ny döre­dip ge­len ata-ba­ba­la­ry­myz ýur­du­my­zyň gu­rak ho­wa şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, sa­ha­wat­ly ýaý­la­la­ry­my­zy ýa­şyl beg­res­li meý­dan­la­ra öwür­mek üçin tu­tan­ýer­li zäh­met çe­kip­dir.

Mu­ňa türk­men dag-düz­le­rin­de we säh­ra­la­ryn­da ga­zy­lan gu­ýu­la­ryň hem-de käriz­le­riň, gur­lan how­dan­la­ryň, aka­ba­la­ryň, der­ýa­la­ryň, köl­le­riň, ýap­la­ryň we beý­le­ki suw des­ga­la­ry­nyň my­sa­lyn­da hem do­ly göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da biz ýur­du­my­zyň suw baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, su­wuň her dam­ja­sy­ny aýaw­ly we re­je­li peý­da­lan­mak üçin su­wy tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, yl­myň ga­za­nan öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň we ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ryn­da yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri alyp bar­ýa­rys.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de şäher­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň gül­läp ös­me­gi, ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi ýur­du­myz­da su­wuň bol­çu­ly­gy­nyň we onuň ne­ti­je­li ula­nyl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Öý­le­ri­mi­ze bök­dençsiz akyp gel­ýän aras­sa suw, köçe­le­riň we şa­ýol­la­ryň ug­run­da­ky, se­ýil­gäh­ler­däki aja­ýyp suw çüw­dürim­le­ri sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­gy­dyr.

Biz mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň suw ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni kämil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, mun­dan beý­läk-de giň ge­rim­li we tu­tum­ly iş­le­ri ama­la aşy­ra­rys”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň