Arhiw

Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topar AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesiniň öňünde asgynlamady

00:1305.04.2015
0
3522

Marynyň “Energetigi” Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandy. Topar 4-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda HTTU-dan üstün çykdy — 3:1.

AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän topara garşy oýunda ýeňşe has ýakyn hasap edilýärdi we üstünlik gazanan ýagdaýynda ýaryş tablisasynda öňde barýan “Balkan” bilen deňleşip biljekdi.

Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rahym Gurbanmämmedowyň şägirtleri HTTU bilen boljak duşuşyga oňat taýýarlyk görüpdirler. Olar birinji ýarymda dürs goranyp, ikinji ýarymda Röwşen Meredowyň tälimçilik edýän toparynyň derwezesine üç pökgi geçirdiler Muhammetresul Şamuhammedow iki (62-nji we 71-nji minutlar), Kerim Hojamberdiýew (63-nji minut) bir gezek tapawutlandy. Duşuşyga goşulan wagtyň 2-nji minutynda Akmyrat Jumanazarowa bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy.

Bu ýeňişden soň “Energetik” 4 utuk bilen sekizinji ýerde ýerleşdi. 6 utukly HTTU bolsa bäşinji orunda galdy.

9 utuk toplan “Balkan” çempionatda öňdäki orny eýeleýär. Ikinji we üçünji ýerdäki “Şagadam” bilen “Merwiň” hersiniň 8 utugy bar.

Türkmenistanyň Futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda bäşinji tapgyr 7-nji aprelde “Şagadam” — “Hazyna”, “Merw” — “Ahal”, HTTU — “Altyn asyr” duşuşyklary bilen başlanar.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň