Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna degişli kärhanalarda işleriň netijeliligi ýokarlanýar

07:2304.04.2015
0
4449

3-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi we ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanan görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 110 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 105 göterime, daşary ýurtlara ugradylýan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini bolsa 106,5 göterime barabar boldy. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,6 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi ýokarlandy. Buraw işleriniň möçberi 76,8 göterim artdy. Hasabat döwründe Ruhabatdaky turba zawodynda polietilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi artyp, ösüş depgini 108,3 göterim üpjün edildi.

Şeýle hem nebitgaz ulgamynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi we kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryň oturdylyşy barada habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz senagatynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, energiýa geçirijileriniň we döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmäge aýratyn üns berilmelidigine ünsi çekdi.

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge ýardam etmelidir. Munuň özi sebit we ählumumy möçberlerde okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň