Arhiw

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösýändigine şaýatlyk edýär

06:3204.04.2015
0
2962

3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew öz hasabatynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine, sebitleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze önümçilik desgalarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler barada gürrüň berdi.

Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmesi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Şunlukda, 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri jemi içerki önümiň durnukly we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy.

Hasabat döwründe bölek söwdanyň görkezijisi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,9 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri ýokarlandy. Düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 36,5 göterim möçberinde boldy.

Hasabat döwründe möhüm maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny şertlendirdi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde 2014-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende pudaklaryň köpüsinde ýokary görkezijileriň gazanylandygy bellenildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,9 göterim, tebigy gazyň çykarylyşy 105 göterim, nebitiň çykarylyşy 110 göterim, benziniň öndürilişi 100,9, kerosiniň öndürilişi 100,4, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 101,1, polipropileniň öndürilişi 100,2 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 100,4 göterim, nebit bitumynyň çykarylyşy 118,4 göterim, plasmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň çykarylyşy 108,7 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 192,5 göterim, ýod önümçiligi 103,1 göterim, sementiň çykarylyşy 111,2 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň önümçiligi 126,8 göterim, nah ýüplükleriň çykarylyşy 109,8 göterim, nah matalaryň öndürilişi 110,2 göterim, derman serişdeleriniň çykarylyşy 108,9 göterim artdy.

Obasenagat toplumy üçin hem oňyn ösüş depginleri häsiýetlidir. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök önümleriň önümçiliginiň ösüşi üpjün edildi. 2015-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä iri şahly mallaryň we dowarlaryň, guşlaryň baş sanynyň köpelendigi bellenilýär.

Gurluşyk pudagynda iri maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary görkezijiler gazanyldy. Gürrüňi edilýän döwründe ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,2 göterim artdy.

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýerine ýetirilen ýük daşalyşynyň möçberiniň ösüşi geçiriji turba ulagyny hasaba almanyňda 4,6 göterime ýetdi, ýolagçylaryň gatnadylyşy bolsa 102,5 göterime deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 göterim ýokarlandy.

2015-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda nebitgaz we himiýa pudaklarynyň, energetika, obasenagat toplumynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň iri senagat desgalarynyň gurluşyklary we durkuny täzelemek işleri yzygiderli depginler bilen berjaý edildi. Şular bilen birlikde ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýyş-durmuş we düzümleýin ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň