Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

0
1432
11
1

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Ohot deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren balykçylyk gämisiniň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Penşenbä geçilen gije Magadandan 300 km uzaklykda, Ohot deňziniň giňişliginde “Uzak gündogar” balykçylyk gämisi heläkçilige uçrady. Soňky maglumatlara görä, bu hadysa netijesinde 56 adam heläk boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru