Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi ilkinji utugyny ýitirdi

0
758
0
0

Şu gün ýurdumyzyň futbol boýunça çempionatynyň ýene bir oýny ýer eýeleri üçin dartgynly ýagdaýda tamamlandy. Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” “Aşgabat” stadionynda geçen ýylky çempionatyň bürünç medalynyň eýesi Türkmenabadyň “Şagadamy” bilen duşuşdy.

26-njy minutda netijeli hüjümçileriň sanawynda öňde barýan Altymyrat Annadurdyýew çep gyrada goragçylaryň deňinden geçip, derwezeçi bilen ýekeme-ýekä çykarýar we “Ahaly” öňe saýlaýar — 1:0. Bu A. Annadurdyýewiň häzirki çempionatdaky 6-njy goludyr.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýan has tejribeli topar ikinji ýarymda özi üçin ýeňişli bu hasaby saklap gelýärdi. Ýöne goşulan wagtyň soňky minutynda deňizýaka futbolçylaryň ahyrky synanyşygy netijeli tamamlandy. Maksim Belyh kellesi bilen pökgini derwezä gönükdirdi — 1:1.

Netijeli “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary ilkinji utugyny ýitirdi. “Ahal” üç oýundan soň 7 utuk toplap, dördünji orunda barýar. “Şagadamyň” 8 utugy bar, ýöne ol dört duşuşyk geçirdi. “Merw” hem 8 utuk toplady. 9 utuk toplan “Balkan” çempionatyň tablisasynyň başyny çekýär.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Ahal” — “Şagadam” — 1:1 (1:0)

3-nji aprel. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Altymyrat Annadurdyýew 37, Maksim Belyh 90+3.

Duýduryş alanlar: Zafar Babajanow 37, Gahrymanberdi Çoňkaýew 20, Annageldi Weliýew 31, Hemra Amanmämmedow 67, Maksim Belyh 71.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Çary Ataýew.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru