“Aşgabat” goşmaça wagtda ýeňlişden gutuldy, “Hazyna” bolsa ilkinji utugyny gazandy

0
592
0
0

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerindäki şeýle ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan “Hazyna” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşygyň ahyry diýseň tolgundyryjy boldy.

Garşydaşlaryň birek-biregiň derwezesine pökgi geçirmek synanyşygy tä 90-njy minuta çenli netije bermedi. Esasy wagtyň soňky minutynda bolsa Didar Durdyýew “Hazynany” öňe çykardy — 1:0. Şunlukda, talyplar toparynyň öz ilkinji ýeňşini gazanjagynyň ujy iki däl ýalydy. Ýöne munuň bilen “Aşgabadyň” futbolçylarynyň ylalaşasy gelmedi. Goşulan wagtyň ilkinji minutynda olar çalasynlyk bilen hüjüm guradylar we Pirmyrat Gazakow gutarnykly hasaby goýdy — 1:1.

Şeýlelikde Aman Goçumowyň topar soňky minutlarda ýeňlişden gutuldy, Ahmet Agamyradowyň şägirtleri bolsa çempionatda ilkinji utugyny gazandy. Bu duşuşykda soň, “Aşgabat” 4 utuk bilen 7-nji ýerde, “Hazyna” bolsa 9-njy orunda barýar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Hazyna” — “Aşgabat” — 1:1 (0:0)

3-nji aprel. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolanyryş institutynyň stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Didar Durdyýew 90, Pirmyrat Gazakow 90+1.

Duýduryş alanlar: Serdargeldi Kadaýew 4, Begmyrat Baýew 57, Gurbanguly Aşyrow 90+4, Ruslan Orazutdinow 67, Baýjan Satlykow 74.

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru