Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

09:5303.04.2015
0
7645

24-nji aprelde türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, Aşgabat şäher Halkara atçylyk-sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň