Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi we ugurdaş maslahat geçiriler

07:2003.04.2015
0
2773

8 — 10-njy aprel aralygynda Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi we ugurdaş maslahat geçiriler. Bu iri foruma dünýäniň onlarça ýurdundan 100-den gowrak kompaniýalar gatnaşar. Sergide gurluşyk, gurluşyk serişdeleri, ýol gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli harytlar, işi ýöretmegiň täzeçe usullary, döwrebap tehnologiýalar görkeziler.

Halkara gurluşyk sergisi we maslahaty ýurdumyzyň ugurdaş düzümlerine dünýäniň oňyn tejribelerini, döwrebap tehnologiýalaryny çekmekde, ýurdumyzyň döwlet kärhanalarynyň we telekeçileriniň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň