Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär

06:4403.04.2015
0
3555

11 — 14-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary bolar. Häzirki günde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Muňa netijeli işjeň gatnaşyklar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan meşhur koreý kompaniýalarynyň birnäçesi türkmen bazarynda işjeň alyp barýar. Söwda-ykdysady we ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary hem döredildi we hereket edýär, ikitaraplaýyn netijeli gumanitar-medeni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan döwlet sapary hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň geçen ýylyň iýunynda ýurdumyza bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler özara bähbitli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi bermelidir, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň