Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar

06:2603.04.2015
0
2699

6 — 8-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaý Timofti resmi sapar bilen Türkmenistanda bolar.

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümi hökümet maslahatynda tassyklanyldy. Medeniýet ministri Monika Babuk, oba hojalyk we azyk senagaty ministri Ion Sula, daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministriniň orunbasary Tudor Ulýanowskiý Moldowanyň Türkmenistanda akkreditirlenen Ukrainadaky ilçisi Ion Stewile, demokrat-deputat Marçel Redukan we beýlekiler wekiliýetiň düzümine girer diýip, NOI.md. habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň iýulynda Moldowa Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda türkmen-moldowan gatnaşyklaryna täze itergi berildi. Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

Ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleri söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň bar bolan möhüm mümkinçiliklerini amala aşyrmakda, gumanitar-medeni ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda hökümetara maslahatlaşmalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň