Astanada Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

0
577
0
0

Astrahanda KTŽ-niň wise-prezidenti Kanat Alpysbaýewiň, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Begenç Geldiýewiň we Eýran demir ýollarynyň wise-prezidenti Huseýn Aşuri Gazagystan — Türkmenistan — Eýran täze demir ýoluny ulanmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “HK “KTŽ” AJ-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda täze ýol boýunça üç ýurduň çäginden tizlikli konteýner hyzmatlaryny guramaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaýdan Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden üstaşyr Türkiýä ýük daşalmagy, Hindistana, Pakistana, şeýle hem Pars aýlagy ýurtlaryna ýük geçirilmegi we beýleki taslamalara, hem-de bäsdeşlige ukyply nyrhlary kesgitlemek ýaly meselelere garaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça garalan meseleleri amala aşyrmak babatdaky teklipleri özünde jemleýän degişli resminamalara gol çekildi.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru