Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sportuň täze görnüşi — skaýranning peýda boldy

15:1102.04.2015
0
2860

Türkmenistanda sportuň täze görnüşi — skaýranning özleşdirilip başlandy. Bu alpinizmiň bir görnüşi bolup, onda ep-esli üýtgäp duran belentlikli, beýikli-pesli ýerden tizlige ylganylýar. “Skaýranning” iňlisçeden terjime edilende “belentlikde ylgamak” diýmegi aňladýar.

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň birinji tapgyry Gökdere jülgesinde geçirildi. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň öňüsyrasynda bolup geçen bu ýaryş Arçabil etrap häkimliginiň ýardam bermeginde Sport baradaky döwlet komiteti bilen “Agama” alpinistler kluby tarapyndan guraldy diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Kubogynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde türgenler Duşak-Erekdag dagynyň (2482 m) etegine ýygnandylar, olar hut şu belentlige çykmalydyrlar. Beýikli-pesli belentlik bilen 12 kilometrden gowrak aralygy geçmek ýeňil bolmadyk synaga öwrüldi.

Türgenler 1000 metr belentlikdäki ilkinji barlag nokadyna diýseň ýygy ýagdaýda geldiler. Ýöne esasy synag heniz öňdedi.

Deňiz derejesinden 2000 metr belentlige galýan ýol bölegi esli aralyga uzaýanlygy we kötelligi bilen tapawutlanýardy. Muňa garamazdan, ýiti göreş dowam etdi. Ahyrky netijede bäsleşigiň ykbaly soňky 500 metr aralykda çözüldi.

Netijede aşgabatly Alekper Ahmedow bilen Maksim Gordiýenko ýeňiji boldy. Olara Duşak-Erekdag aralygyny geçmek üçin 2 sagat 21 minut gerek boldy. Balkanabatly Wladislaw Aliýew üçünji orny eýeledi. Zenanlardan iň gowy netijäni Mähri Kulyýewa (Aşgabat) görkezdi.

Türgenlere öňde ýene üç tapgyr: sentýabrda Harlasangdaky (1643 m), noýabrda Arlandaky (1881 m) we dekabrda Saglyk ýolundaky jemleýji bäsleşikler garaşýar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň