Soňky habarlar

Arhiw

Çempion ýene-de utuk ýitirýär

08:5002.04.2015
0
3182

Türkmenistanyň futbol boýunça häzirki çempiony paýtagtyň “Altyn asyry” milli çempionatyň dördünji tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Marynyň “Merwi” bilen 2:2 oýnap, ýene-de utuk ýitirdi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary geçen tapgyrda myhmançylykda Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bilen 0:0 oýnapdy. Şonuň üçinem, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu duşuşykda diňe ýeňiş gazanmak hyjuwy bilen futbol meýdanyna çykdylar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda geçen oýun “Altyn asyr” üçin şowly başlandy. Eýýäm 20-nji minutda Kazanyň “Rubininiň” ozalky ýaşlar toparynyň hüjümçisi Selim Nurmyradow hasaby açdy. Aradan 12 minut geçensoň, HTTU toparynyň düzüminde geçen ýyl AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýelän ezber hüjümçi Süleýman Muhadow hasaby artdyrdy. Netijede toparlar 2:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda myhmanlar özüne gelip, hasaby deňlemegi başardylar. 77-nji minutda Söhbet Allanurow tapawutlandy. Aradan 3 minut geçip-geçmän Döwlet Mirsoltanow hasaby 2:2 etdi.

Häzir “Altyn asyr” 5 utuk bilen altynjy orunda barýar, ýöne onuň “Ahal” bilen soňa süýşürilen 2-nji tapgyryň oýnalmadyk bir duşuşygy bar. “Merw” bolsa 8 utuk bilen öňdäki orna çykdy. Ýöne bu wagtlaýynça şeýledir, çünki onuň esasy garşydaşlary bu tapgyrdaky duşuşyklaryny indi geçirmeli.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasyndaky 4-nji tapgyryň oýunlary 2-nji aprelde “Daşoguz” — “Balkan” duşuşygy bilen dowam eder. 3-nji aprelde “Hazyna” — “Aşgabat”, “Ahal”  — “Şagadam” oýnar. Tapgyr 4-nji aprelde “Energetik” — HTTU duşuşygy bilen tamamlanar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Altyn asyr” — “Merw” — 2:2 (2:0)

1-nji aprel. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty. 150 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Selim Nurmyradow 20, Süleýmen Muhadow 32, Söhbet Allanurow 77, Döwlet Mirsoltanow 80.

Duýduryş alanlar: Arslan Ýusupow 34, Daýanç Durdyýew 86 (ikisi hem “Merw”).

Emin: Alibek Sapaýew.

Gözegçi emin: Wadim Baratow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň