Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

01:1902.04.2015
0
3313

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň   Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde mähriban topragymyzda asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda  harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, alyp barlan işleriň  netijeleri, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň öňünde durýan wezipeleri, olaryň geljekki ugurlaryny kesgitläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her birine anyk tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, şahsy düzümiň hatarlarynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine, şeýle hem düzümlerde gurulýan täze desgalaryň, döwrebap harby şäherçeleriň, serhet galalarynyň, edara ediş binalarynyň we oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Milletiň Lideri ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.     

Döwlet Baştutany mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň başynda bäri ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, umuman, kanagatlanma bildirdi we döwletiň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin amatly gulluk we durmuş şertleriniň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini aýtdy.

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň