Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütinhytaý dürs maşyngurluşygy Import-Eksport Korporasiýasynyň (WIEK TOÇMAŞ) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
HHR-iň wekiliýeti Türkmenistana 2015-nji ýylyň 2—4-nji apreli aralygynda Aşgabatda guralýan “Aziada — 2017 we Türkmenistanyň ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.
Duşuşygyň barşynda medeni-gumanitar ulgamdaky, şonuň ýaly-da, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy.
Şeýle hem hytaý korporasiýasynyň wekilleri Aziada — 2017-niň geçirilmeginiň barşynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça taslamalary görkezdiler.