Hazaryň kenarynyň ýakasynda Awaza etrabynyň adminstratiw merkezi gurulýar

0
816
2
0

Türkmenbaşy şäherinde Awaza etrabynyň adminstratiw merkeziniň binagärlik çugdamy döredilýär. Ol ýaşaýyş jaýlary, dürli edara binalaryny we medeni-durmuş maksatly desgalary bir bitewi jemlemede özünde birleşdiler.

Awaza etrabynyň häkimliginiň, 320 orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň, 160 körpä niýetlenen çagalar bagynyň, Saglyk öýleriniň, polisiýa bölüminiň ýangyn söndüriji deponyň we durmuş hyzmatly ulgamynyň binalary güýçli depginde alnyp barlyp, tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Balkan welaýatynyň ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyryş edarasy gurluşygyň baş potratçysy bolup durýar. Desgalary gurmak hususy kärhanalara ynanyldy. Bar bolan ýedi gurluşyk meýdançasynda türkmen hususy kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň möçberi ortaça 60 göterimden geçýär.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru