Soňky habarlar

Arhiw

Maryda Türkmenistanyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

00:5802.04.2015
0
2784

Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Asyrlarda adygan Mary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda jemgyýetçilik we mekdep muzeýleriniň ýolbaşçylary, şäher hem welaýat muzeýleriniň ylmy işgärleri, sebitiň bilim baş bilim müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şahsy gymmatlyk eýeleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda muzeý işini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumy barada pikir alşyldy.

Şeýle hem hünärmenler Mara 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegi mynasybetli geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň