Tokioda sakura iki gün öň gülledi

09:0101.04.2015
0
4260

Meteorologlaryň habar bermegine görä, Tokioda sakura 2014-nji ýyldaka garanyňda 2 gün öň gülledi. Ýurtda ilkinji bolup ýurduň günortasyndaky Kagosima şäherinde bu ösümlik güllerini açdy.

Demirgazyk ada bolan Hokkaýdada sakuranyň maý aýynyň ortalaryna güllärine garaşylýar.

Sakuranyň gülleýän günleri seýilgählerde çadyrlar gurlup, ol ýerde dürli nygmatlary we işdäaçarlary satyn almak bolýar.

Tokioda sakura hemme ýerde: köçelerde, seýilgählerde, kölleriň kenarynda ösüp oturýar.

Günüň dogýan ýurdunda sakuranyň ösüşine syn etmek köpçülikleýin häsiýete eýedir.

Her ýyl metereologlar we bütin jemgyýetçilik “Sakuranyň ösüş döwrüne” syn edýärler.

Ýerli telewideniýe we habar beriş serişdeleri sakuranyň ösüş tapgyrlary we ony synlamak üçin iň amatly ýerler hakynda maglumat berip durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň