Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

08:0801.04.2015
0
2322

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň arasynda ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigine üns berildi. Umumy pikire görä, iki ýurduň yzygiderli geçirilýän işewürler duşuşyklary, maslahatlary we önüm öndürijileriniň harytlarynyň sergileri şoňa gös-göni ýardam edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyza dürli ugurlarda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähmiýetli pudagy bolup durýan obasenagat ulgamynda türk kompaniýalaryna ynanylan taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, myhman hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri bilen tanyşdyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürlerine bildirýän ynamy we hemmetaraplaýyn goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň