Türkmenistanyň güýçli gimnastikaçylary mälim edildi

0
1039
1
0

Türkmenabatda tamamlanan sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden we Aşgabatdan sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýyny bir ýere jemledi. Medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türgenler III ulular derejesinden başlap, sport ussatlarynyň toparyna çenli bäş toparda ýurdumyzyň iň güýçli gimnastikaçysy diýen ady almak ugrunda bäsleşdiler. Erkek kişiler sport gimnastikasynyň 6 ugrunda — eliňi diräp bökmek, parallel bruslarda, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki ugurlarda bäsleşdiler. Bu ýerde birinji ýerleriň ählisini eýelemegi başaran türkmenabatly türgenler has erjellik görkezdiler.

Şeýlelikde, Marufjan Açylow (sport ussatlar topary), Maksat Maksidow (sport ussatlygyna dalaşgär), Begenç Bäşimow (I ulular derejesi), Ramazan Hasanow (II ulular derejesi) we Süleýman Bazarow (III ulular derejesi) ýeňiji boldular. Galyberse-de, ýer eýeleri beýleki baýrakly orunlaryň ählisini diýen ýaly eýelemegi başardylar. Bu ýerde aşgabatly gimnastikaçylar diňe bir kümüş medal bilen oňmaly boldular — B.Myratjanow (I ulular derejesi).

Türkmenabatly türgenleriň üstünlik gazanmagy bu ýerde döwrebap sport binýady hereket edýändigini, şeýle hem türgenleriň halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşýandygy bilen düşündirilýär. Ine, ýurdumyzyň çempionatynyň öňüsyrasynda hem Lebabyň erkekler ýygyndysy Almaty şäherinde (Gazagystan) okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boldular.

Gyz Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda ýaryşlaryň dört görnüşinde — eliňi diräp bökmek, dürli belentlikdäki bruslarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki görnüşlerde bäsleşdiler. Bu ýerde aşgabatlylar birinji orunlaryň bäşden dördüsini eýelemegi başaryp, öz sport ussatlyklaryny görkezdiler. Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Maýsa Kulyýewa (sport ussady), Sadap Berdiýewa (sport ussatlygyna dalaşgär), Aýgül Matjiýewa (II ulular derejesi) we Lisana Sadrttinowa (III ulular derejesi) aldylar.

Ýer eýeleri diňe I ulular derejesindäki gimnastikaçylaryň toparynda ýeňiş gazanmagy başardylar. Bu ýerde Zarina Narbaýewa baş baýraga mynasyp boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru