Aşgabatda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar

0
1303
1
0

Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň dolandyrylmagy we howpsuzlygy boýunça maslahat geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OBSE) Aşgabatdaky merkezi gurady.

Maslahatda Türkmenistanyň IIM-niň şäher hem welaýat ýol gözegçiligi gulluklarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Maslahatyň meýilnamasyna ýurt üçin möhüm meseleler goşulyp, olar Serbiýadan we Türkiýeden bolan bilermenler tarapyndan jikme-jik şöhlelendirildi.

OBSE ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde maslahat beriş hem tehniki taýdan kömek berýär. Bu ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde IIM-niň işgärlerini Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak, ýol-ulag hadysasynyň öňüni almak hem duýdurmak we beýlekilerdir.

Türkmenistanda sürüjiler we pyýadalar üçin ýollaryň howpsuz bolmagy ugrunda möhüm çäreler görülýär. Şonda döwlet özara halkara gatnaşyklaryna, halkara tejribesini öwrenmäge, özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru