Türkmenistan “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrýar

0
461
0
0

“Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri ýurdumyzyň çäginde has uly aralyga Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barýarlar. Ýangyç geçiriji gaz geçirijileriň ählisini bitewi düzüme baglanyşdyrmaga mümkinçilik berip, diňe bir ýurdumyzyň özünde bildirilýän islegi dolulygyna kanagatlandyrmak bilen çäklenmän,  eýýäm ulanylýan, şeýle hem täze ugurlar boýunça halkara ýangyç geçirijileriniň “mawy ýangyç” bilen bökdençsiz üpjün edilmegini goşmaça  kepillendirer.

Häzirki wagtda ilkinji ulgamlaýyn üç bölek berkligini we jebisligini barlamak boýunça  gidrawlik synaglardan geçirmek üçin dolulygyna taýýarlanyldy.   Şol böleklerde Serdar şäherinden Belege çenli 250 kilometrlik aralykda ýangyç geçiriji turbalar kebşirlendi we garymlarda ýerleşdirildi. Umuman alanyňda bolsa, diametri 1420 millimetrlik turbalaryň 600 kilometrden gowragy gurnaldy.

Uzynlygy 773 kilometre ýetýän we geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr gaza barabar bolan “Gündogar — Günbatar” gaz geçiriji ulgamyny döredýän gurluşykçylar beýleki 6 ýerde-de uly diametrli turbalary  çekip,  kebşirleýiş we gurnama işlerini tamamlap barýarlar. 

Bu gaz geçirijiniň ulgamlaýyn böleginiň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň toparlary we “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümi ýene-de 172 kilometr aralyga turbalary çekmeli bolar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleriniň depginleri barada aýdanyňda, potratçy edaralaryň her gije-gündiziň dowamynda ortaça bir kilometr aralyga gaz geçiriji  turbalary çekip, garymlarda ýerleşdirýändigini bellemek gerek. Işleri amala aşyrmagyň tertibine laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli potratçy edaralar strategiki taýdan bu möhüm ähmiýetli gaz geçiriji ulgamyň ulgamlaýyn böleginiň gurluşygyny tamamlar.

Şatlykdan Belege çenli çekilýän täze gaz geçiriji ýurdumyzyň gündogar Türkmenistandaky iri ýataklardan tebigy ýangyjy ýurdumyzyň beýleki gaz geçirijilerine ýetirmek hem-de gazyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak we ygtybarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem döwletiň özünde gaz bilen üpjün etmäge niýetlenendir. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru