Nýu-Ýorkuň jaz topary Türkmenistanda konsertler bilen çykyş eder

0
508
1
0

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde 31-nji mart — 6-njy aprel aralygynda Türkmenistanda Ari Rolandyň toparynyň konsertlerini hödürleýär.

Ari Rolandyň topary nýu-ýorkly jaz-sazandalaryndan ybaratdyr.

Ari Rolanddan (kontrabas), Jon Moskadan (trombon), Zaid Nasserden (alt-saksofon) we Keýt Balladan (deprekler) ybarat dörtlügi halkara saparlaryna yzygiderli gatnaşýar we birnäçe albom hem çykardy.

Topar aprelde bellenilýän jaz baýramynyň çäklerinde Türkmenistana öz sazlary bilen geldi. Munuň özi toparyň öňbaşçysy Ari Rolandyň Türkmenistana bäşinji saparydyr.

Topar konsertler bilen şu şäherlerde çykyş eder:

  • Balkanabat — Balkan welaýatynyň sazly-drama teatry — 31-nji mart, 19.00.
  • Türkmenbaşy — Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport konsert zaly — 1-nji aprel, 19.00.
  • Aşgabat — “Watan” kinokonsert merkezi — 4-nji aprel, 19.00.
  • Daşoguz — N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry, 6-njy aprel, 18.00.

Konsertlere hiç hili tölegsiz tomaşa edip bolýar. Konsertlerdäki çykyşlaryndan başga-da topar Aşgabatda talyplar we sazandalar üçin maslahatlary geçirer.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru