Atçylyk sportunyň türkmenistanly hünärmenleri Aziýa oýunlaryna taýýarlanýarlar

11:0030.03.2015
0
2704

 “Türkmen atlary” Döwlet birleşigi bilen TIKA-nyň (Türk İşbirliği ve Koordinasyon Ajansı) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabatda atçylyk sportunyň hünärmenleri we çapyksuwarlar üçin seminar geçirildi.

Türkiýäniň atly sport federasiýasynyň wekili, halkara derejeli emin Gülfer Taner 5 gün türkmen  paýtagtynda bolup, ol 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän konkur boýunça guraljak ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.

 Saparyň maksatnamasyna girizilen 4 günlük seminaryň dowamynda türkiýeli hünärmen  “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginde, Ahalteke atçylyk toplumynda, Aşgabat şäherindäki atçylyk sport toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Ol seminaryň dowamynda türkmenistanly hünärmenlere konkur ýaryşyna çapyksuwarlary taýýarlanmagyň usulyýeti, atçylyk sporty boýunça ýaryşlary guramak we olara eminlik etmek boýunça gürrüň berdi. Şeýle-de hünärmenleri eminlik etmegiň halkara standartlary bilen tanyşdyrdy.

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan sportuň 19 görnüşi girizilipdi. Emma 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu oýunlaryň maksatnamasyna türkmen milli görşi bilen konkur ýaryşyny hem goşmak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Türkmen Lideriniň teklibi Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň