Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Kiýewde Ukrainanyň premýer-ministri we Prezidenti bilen duşuşdy

09:5130.03.2015
0
5419

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýasenýuk sapar bilen Kiýewe baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ukrain-türkmen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerini has-da giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da, gurluşyk, energetika, oba hojalygy we demir ýol ulgamlary gelejegi uly pudaklar hökmünde bellenildi.

Arseniý Ýasenýuk Ukrainanyň hökümetiniň 2015-nji ýylyň maýynda bilelikdäki söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatdaky ukrain-türkmen toparynyň maslahatyny geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen tarapy tarapyndan hem bilelikdäki ykdysady we energetika taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin hökümet wekiliýetleriniň saparlaryny alyşmak ylalaşyldy.

Şeýle hem Raşit Meredowy Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko kabul etdi.

Döwlet baştutany Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini belledi. Öz gezeginde Raşit Meredow Ukrainanyň Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny we öz ýurdunyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy gelejekde has-da ösdürmäge bolan meýillerini mälim etdi. Ukrainanyň Prezidenti diwersifikasiýa ýoly bilen şol sanda türkmen tebigy baýlyklarynyň hasabyna gaz iberilmegi baradaky meselä aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Raşit Meredow Ukrainanyň Prezidentine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdymyzda bolup görmäge çakylygyny gowşurdy. Öz gezeginde Pýotr Poroşenko hem türkmen döwletiniň Baştutanyny Ukrainada bolup görmäge çagyrdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň