Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji türkmen aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürilýär

09:4630.03.2015
0
8700

SpaceX amerikan kompaniýasy ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň uçurylyşyny yza süýşürdi diýip, Ewronews teleýaýlymy habar berýär.

Uçurylyşy 2015-nji ýylyň 30-njy martynda Kanaweral burnunda ýerleşen (florida ştaty) kosmodromdan amala aşyrmak bellenilýärdi. Enjamy asman giňişligine ugratmaga indiki synanyşyk 24-nji aprelde geçiriler. SpaceX yza süýşürilmäniň sebäplerini mälim etmedi.

Türkmen aragatnaşyk hemrasyny uçurmagyň wagty ilkinji gezek yza süýşürilenok. Ilkibaşda ol 21-nji marta bellenilipdi, ýöne tehniki sebäplere görä bu başa barmady.

Enjam Türkmenistanyň ilkinji özbaşdak aragatnaşyk hemrasy bolar. Häzir bolsa ýurda Russiýanyň “Gazprom kosmiçeskiýe sistemy” kompaniýasyna degişli “Ýamal” hemrasy hyzmat edýär.

Milli aragatnaşyk emeli hemrasyny uçurmak baradaky karary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylda mälim edipdi. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, şeýle enjamyň asman giňişligine aralaşdyrylmagy ýurduň aragatnaşyk ulgamynyň, internetiň we telewideniýäniň ösmegine güýçli itergi berer, şeýle hem umumymilli ýaýlymlar toparyny giňden ýaýratmaga mümkinçilik berer.

2011-nji ýylda Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy türkmen hemrasyny taslamak, gurmak we uçurmak bilen bagly işlere girişdi. Ol ýokary hilli tele ses tolkunlaryny we multimediýa akymlaryny alyp görkezmäge niýetlenen Spacebus 4000 fransuz enjamynyň binýadynda döredildi. Thales co SpaceX bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, türkmen hemrasy Falcon 9 raketa göteriji arkaly hemişelik geostasionar asman giňişligine çykarylar.

“Türkmen Älem” aragatnaşyk hemrasyny 52 gradus gündogar uzaklygynda, Ýerden 35 müň 786 kilometr belentlikde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Onuň ulanyş möhleti takmynan 15 ýyl töweregidir. Hemra hyzmat etmek we ony ulanmak üçin Türkmenistanda eýýäm iki dolandyryş merkezi guruldy. Bu merkezlerde iş alyp barjak hünärmenler taslama gatnaşyjy kompaniýalar tarapyndan taýýarlanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň