Soňky habarlar

Arhiw

Apple öz elektromobilini bäş ýyldan çykarmaga taýýarlanýar

08:1130.03.2015
0
6024

Metbugatda  Apple korporasiýasynyň öz elektromobilini eýýäm 2020-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýändigi baradaky habar peýda boldy. Bilermenleriň pikirine görä, Apple Tesla Motors we General Motors kompaniýalary bilen çynlakaý bäsdeşlik etmegi göz öňünde tutýar. Bu kompaniýalaryň ikisi hem 2017-nji ýylda kuwwatlyk berijisiz 200 milden gowrak aralygy geçip bilýän elektrokarlary çykarmakçy bolýar.

Apple tarapyndan işlenip taýýarlanýan elektromobil daşky görnüşi boýunça miniweni ýatladýar, onuň işçi ady — Titan. Taslama önümiň bezeg işleri boýunça wise-prezidenti Stiw Zadeski ýolbaşçylyk edýär, ol öň Ford awtoönümçiliginde işläpdi. Gelejekde Appleniň “awtomobil” bölüminiň müň adama çenli artmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň