Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

05:1330.03.2015
0
4207

29-njy martda A. Poronýan adyndaky Döwlet sazly komediýa teatrynyň sahnasynda türkmen sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki konsert Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji çäresi boldy. Çärä gatnaşyjylar ony ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşladylar.

Konsertiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlap guran bäsleşiginiň ýeňijilerini we oňa gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy. 

Forumyň ýapylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň göwnejaý we täsirli geçirilendigi bellenildi. Döredijilik toparlary täze, sazlaşykly ösýän Türkmenistan, onuň özboluşly medeniýeti we sungaty bilen täsirli we ýokary derejede tanyşdyrdylar, munuň özi çäreleri baýramçylyga mahsus bolan göwnaçyk ýagdaýda geçirmäge ýardam berdi.

Jemleýji konsert hem şeýle äheňde geçdi. “Şirin owaz”, “Läle”, “Serpaý” toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlarynyň, folklor sahnalarynyň şeýle hem Rejepdurdy Begenjowyň, Şaguly Allaberdiýewiň halk sazlary we aýdymlary, Žanna Saýandyr Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetiren ermeni aýdymlary gyzgyn garşylandy. Leýle Ökdirowanyň hem pioninoçy Rustam Rahmedowyň nusgawy saz eserleri, Jemal Agamyradowanyň, Dosmämmet Söýünowyň, Myratgeldi Baýramgeldiýewiň estrada aýdymlary türkmen-ermeni dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygynyň kepili bolup ýaňlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň