Birža söwdalarynda täzelikler

0
447
0
0

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen söwdalarda 10 geleşik hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýly we owganystanly telekeçiler «Türkmengaz» Döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Şotlandiýadan we Täjigistandan bolan alyjylara awtoşaýlar, arassalanan pagta ýagy, nah mata ýüplügi ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin 88 müň manada barabar polipropilen satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru