Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparçasyndaky ornuny saklap galdylar

13:2629.03.2015
0
3071

Türkmen tennisçileri Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda tamamlanan Dewisiň Kubogynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparçasyndaky ornuny saklap galdylar.

II toparça çykmaga hukuk berýän iki ýollanma ugrunda sekiz topar bäsleşdi: “A” toparça — Malaýziýa, Gonkong, Saud Arabystany, Katar, “B” toparça — Wýetnam, Siriýa, Türkmenistan we Kamboja.

Türkmen tennisçileri kambojalylary we siriýalylary birmeňzeş 2:1 hasabynda ýeňdiler. Netijede düzüminde Aleksandr Ernepesow, Isa Mämmetgulyýew, Georgiý Poçaý we Altymyrat Gurbanow çykyş eden Türkmenistanyň topary üçin Siriýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýun esasy duşuşyk boldy. Onuň ýeňijisi toparçadan çykyp, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň II toparçasyna düşmek üçin göreş alyp barmaga hukuk gazanýardy.

Ilkinji ýekelikdäki garşylaşmada I. Mämmetgulyýew Kerim Allafdan üstün çykdy — 7:3, 7:6 (1). Ikinji oýunda A. Ernepesow Bruno Abdel Hurdan asgyn geldi — 4:6, 2:6 we umumy hasap deňlendi — 1:1. A. Ernepesow we G. Poçaý jübütleriň arasyndaky garşylaşmada B. Abdelnur / M. Abdelnur jübütinden rüstem gelip (1:6, 6:3, 7:6 (6)), Türkmenistanyň toparyna ýeňiş getirdiler — 2:1.

3-nji tapgyryň beýleki duşuşygynda wýetnamlylar kambojalylardan üstün çykdylar — 3:0.

Şeýlelikde, “B” toparçasynda ikinji orny eýelän türkmen tennisçileri ýaryşyň indiki böleginde “A” toparçasynda öňdäki orny eýelän malaýziýaly türgenler bilen duşmaly boldular. Oýun Malaýziýanyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy — 2:0 (Georgiý Poçaý — Mohd Assri Merezuki — 7:6 (3), 3:6, 3:6), (Isa Mämmetgulyýew — Syýed Naguiba — 3:6, 6:3, 2:6).

Aziýa we Okeaniýa zolagynyň II toparçasyna ikinji ýollanmany Gonkongyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen Wýetnamyň topary gazandy.

Siriýanyň we Kambojanyň toparlaryndan degişlilikde 3:0 we 2:1 hasabynda ýeňlen Saud Arabystanyň hem-de Kataryň ýygyndylary bir dereje aşak düşdüler, olar täze möwsümde IV toparçada çykyş etmeli bolarlar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň