Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dokma senagaty “Aziada — 2017-niň” egin-eşikleriniň nusgalaryny taýýarlaýar

01:5529.03.2015
0
15005

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek wagty barha golaýlaýar. Halkara ähmiýetli bu wajyp waka ýurdumyzyň dokma toplumynyň wekilleri hem taýýarlyk görýärler.

Eýýäm önümleriň, şol sanda “Aziada — 2017” nyşanly egin-eşikleriň nusgalary taýýar edildi. Olar meýletinçilere, baýdak göterijilere, şeýle-de, hyzmat ediş gullugynyň wekillerine: taksi we awtobus sürüjilerine, stýuardessalara, jemgyýetçilik iýmit işgärlerine niýetlenendir. Bu nusgalaryň käbir görnüşleri “Aşgabat — Aziada — 2017-niň paýtagty” halkara sergisinde we beýleki gözden geçirilişde görkezilipdi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinden gelip gowşan sport köýnekçelerini we beýleki egin-eşikleri babatdaky buýurmalar eýýäm ýerine ýetirildi, olar ýurt möçberindäki ýaryşlarda peýdalanylyp başlandy. Ýakyn wagtda 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitetiň tassyklamagynda önümçilige goýberiler.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda indiki tapgyra — ýaryş çärelerine gatnaşyjylar üçin oýunlaryň nyşany ýerleşdirilen egin-eşikleri taýýarlamaga girişildi. Mundan başga-da, Aziadanyň geçýän döwründe dükanlarda satmaga niýetlenen önümleriň dürli görnüşleri: sport köýnekçeleri, papaklary, şarflar we beýlekiler taýýarlanylar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň