Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky Karara gol çekdi

01:5229.03.2015
0
7605

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Gullugyň garamagyndaky Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmäge borçly edildi.

Karar “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň