Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda TGK — 2015 VI Halkara gaz kongresi geçiriler

09:4327.03.2015
0
3721

2015-nji ýylyň 19-21-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda VI Halkara gaz kongresi we pudaklaýyn sergi geçiriler. «Türkmengaz» döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary bolup çykyş edýärler. TGK-2015-iň Guramaçylyk Komitetinde garaşylyşy ýaly, öňde boljak pudaklaýyn forum dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden wekilleriň azyndan 500-sini ýygnar hem-de dünýä bileleşigi we gaz ulgamynda halkara işewürleri üçin ähmiýetli waka öwrüler diýip, "Nebit-gaz" gazeti habar berýär. 

Türkmenistan gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara hyzmatdaşlyk we maýa goýumlary, milli we sebit gaz geçiriji düzümi ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin eýýäm altynjy gezek netijeli meýdança öwrüler.

Türkmenistanyň Halkara gaz kongresine bolan uly gyzyklanma beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäniň uglewodorodlary sarp ediş ulgamynda mawy ýangyjyň agramynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gaz pudagynda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylmagy kanunalaýyklykdyr.

TGK-2015-de Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar, şeýle hem gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda gürrüň bererler. Şol taslamalar gaz ulgamynyň senagat kuwwatyny berkitmäge, gaz geçiriji düzümi ösdürmäge, energiýa serişdeleriniň çykarylmagyny we iberilmegini artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak, uglewodorod gorlaryny netijeli işläp taýýarlamak we olary gaýtadan işlemek üçin halkara hyzmatdaşlygy, maýa goýumlary, dünýä tejribesini we tehnologiýalary peýdalanmak meseleleri giňden beýan ediler. Forumyň çäklerinde daşary ýurtly işewürler bilen türkmen nebitgaz edara-kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda köpsanly iş duşuşyklary meýilleşdirildi.

TGK-2015-e daşary ýurtly gatnaşyjylara tebigy gazy gözlemegiň, çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny, enjamlary getirmek, olara hyzmat etmek babatda tekliplerini beýan etmek, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli mümkinçilik dörediler.

Öňde boljak gaz kongresi tebigy gazy çykarmagyň depginlerini artdyrmaga, täze ýataklary agtarmaga we özleşdirmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, gazy gaýtadan işleýän senagaty we gazhimiýa pudagyny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen ileri tutulýan pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm orun eýelemelidir — diýip, "Nebit-gaz" belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň