Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

07:2327.03.2015
0
2663

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany we myhman ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy, senagat, hususan-da, gaýtadan işleýän, dokma we  himiýa senagatynda, oba hojalyk toplumy we beýleki  pudaklar üçin döwrebap tehnikalary we enjamlary ibermek ulgamlarynda, derman senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ylmy-tehniki ulgamda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda  kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan kombinatyny gurmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselesi söhbetdeşligiň aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meselesi boldy. Mihail Mýasnikowiçiň habar berşi ýaly, Türkmenistana şu saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ol bu iri düzümleýin desganyň gurluşyk meýdançasyna baryp görüp, ägirt uly täze senagat desgasyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Myhman belarusly hyzmatdaşlaryň öz üstlerine alan borçnamalaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, ähli işleri ýokary hil derejesinde amala aşyrmak maksadynda hemme tagallalary etjekdiklerini nygtady.

Şol gün Mihail Mýasnikowiç Türkmenistanyň Parlamentinde we Hökümetinde duşuşyklary geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň