Soňky habarlar

Arhiw

Sport guramalarynyň halkara konfederasiýalarynyň prezidenti Türkmenistanyň DIM-inde gepleşikleri geçirdi

07:2127.03.2015
0
2329

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Sport guramalarynyň halkara konfederasiýalarynyň prezidenti Boris Rogatin bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy, şeýle-de, sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň gelejegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň halkara sport oýunlaryny geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň