Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Finlýandiýa syýasy maslahatlaşmalary geçirdiler

07:1527.03.2015
1
3476

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fin daşary syýasat edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar bolup geçdi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, fin tarapynyň wekiliýetine Finlýandiýa Respublikasynyň Russiýa Federasiýasy, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Deportamentiniň Baş direktory Terhi Hakala ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlara, şeýle hem iki ýuduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, finleriň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýygy gatnaşyklary ýol goýmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar türkmen-fin hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen ykdysady hyzxmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyny döretmegiň meselesine degip geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar gelejekde hem gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, Türkmenistan bilen Ýewropa birleşiginiň arasyndaky, halkara guramalary ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki gepleşikleri giňeltmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň