Aşgabatda segweýlerden peýdalanyp başladylar

0
1803
23
8

Aşgabadyň ýollarynda “Segway” görnüşli elektrotigirlenijili gözegçi polisiýa işgärleri peýda boldy. Bu suratlar, hususan-da, internet ulgamyny peýdalanyjylar tarapyndan ýaýradyldy.

   

Segway — sürüjiniň iki tarapynda ýerleşen goşa tekerli elektrotigirleniji Din Keýn tarapyndan oýlanyp tapyldy.

Segway elektrotigirlenijisi gelejegiň ulag serişdesi hasaplanylyp, awtosazlaýjy gurluş esasynda işleýär.

Aşgabatda segweýler ilkinji gezek “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde peýda boldy. Bu merkeziň gorag gullugynyň işgärleri olary hereketleriň çaltlygyny üpjün etmek babatda ulanýarlar.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru