Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrunda Malaýziýada geçýän zolak ýaryşynda Kambojanyň toparyny ýeňdiler

22:4326.03.2015
0
5644

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrunda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçýän zolak ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandylar. Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparçasynda çykyş etmek bilen, ildeşlerimiz 2-nji tapgyrda Kambojanyň toparyndan üstün çykdylar.

Türkmen toparyndan Georgiý Poçaý ýekelikdäki çykyşynda Palkunu Mamudan ýeňildi — 6:7 (7), 3:6. Isa Mämmetgulyýew Mes Kenni Buny ýeňip (1:6, 6:3, 6:5), hasaby deňledi. Jemleýji duşuşykda Aleksandr Ernepesow — Georgiý Poçaý jübüti Soçeaphearun Doeum — Palkun Mam jübütinden üstün çykyp (6:3, 6:1), Türkmenistanyň toparyna ýeňiş getirdi — 2:1.

Birinji tapgyrda ildeşlerimiz 0:3 hasabynda Wýetnamyň toparyndan asgyn geldiler. Wýetnamlylar ikinji duşuşykda hem şowly çykyş edip, siriýalylary ýeňlişe sezewar etdiler (2:1) we ýarym finala çykdylar. 1/2 finalyň ikinji ýollanmasyna Türkmenistan — Siriýa duşuşygynyň ýeňijisi mynasyp bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň