Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

12:5826.03.2015
0
4660

Türkmenistanly mekdep okuwçylaryň bir topary — Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internatynda 6—11-nji synplar aralygynda bilim alýan oglan-gyzlaryň 45-si halkara “Iňlis dili boýunça ýazky internet-olimpiadanyň” diplomanty boldy. Russiýa Federasiýasynyň belli ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan A. I. Gersen adyndaky mugallymçylyk uniwersiteti we Russiýanyň MetaMekdebi olimpiadanyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Bu aralyk bäsleşiklerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan on iki müňe golaý okuwçy gatnaşdy.

Biziň ýurdumyzyň Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internatyndan olimpiadada ýeňiji bolanlaryň 45-sinden 32-sine birinji derejeli Diplom gowşuryldy. Şeýle hormata mümkin bolan ýüz balldan 91 we ondan ýokary ball gazanan okuwçylar mynasyp bolýar.

Türkmenistanly mekdep okuwçylaryň abraýly bilim bäsleşiginde gazanan üstünlikleri Türkmenistanda bilim ulgamynda alnyp barylýan innowasion özgertmeleriň ýokary netijelidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň