Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa bileleşigi Türkmenistandan çekiljek gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny dikelder

12:5526.03.2015
0
2428

Ýewropa bileleşigi Türkmenistandan çekiljek gaz geçirijisiniň taslamasyny dikeltmegi göz öňünde tutýar diýip, Reuters Türkmenistandaky ýewropaly diplomatyň aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.

Energetika boýunça Ýewropa komissary Maraş Şewowiç Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy babatdaky gepleşiklere täzeden başlamak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmekçi bolýar.

“Türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen boljak gepleşikleriň barşynda biz türkmen gazyny biziň bazarlarymyza ýetirmäge taýýar Ýewropa kompaniýalarynyň işini guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşarys” diýip, diplomat aýtdy.

Türkmenistan gazyň Ýewropa ugradylmagyny göz öňünde tutýan Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasy syýasy, ekologik we maliýe düşünişmezligi sebäpli ýatyrylypdy. Gaz geçirijisi Hazar deňziniň düýbünden Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçirilmelidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň